Türkmenistanlylar OPEN-iň çäklerindäki iňlis dili kurslaryna çagyrylýar


Türkmenistanlylary Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň çäklerinde bütindünýä onlaýn-kurslaryň tomusky sessiýasyna çagyrýarlar, ol 2023-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 5-nji sentýabryna çenli dowam eder.
OPEN maksatnamasy ABŞ-nyň uniwersitetleriniň işläp düzen hünäri ýokarlandyrmagyň 8 hepdelik kurslaryny hödürleýär. Olar akademiki hat ýazmagyň kurslaryny işläp düzmek we okatmak, onlaýn-kurslary döretmek we ornaşdyrmak (CIOC), okuwçylaryň höwesini we goşulmaklaryny ýokarlandyrmak (FSME), TESOL usulyýeti (Teaching English for Speakers of Other Languages) — iňlis dilinde gürlemeýänler üçin iňlis dili mugallymlaryna şahadatnama bermek ýaly temalary gurşap alýar. Okatmak mugallymlaryň hünär ösüşine we synpda tankydy pikirlenmäni girizmeklige bagyşlanar.
Ýüz tutmalar 30-njy aprele çenli ýörite formany doldurmak arkaly kabul edilýär.
Maksatnama gatnaşmak bilen baglanyşykly islendik soragy şu elektron salga iberip bilersiňiz ashgabatamericanenglishprogram@state.gov.
OPEN maksatnamasynyň bütindünýä onlaýn-kurslary her ýylda dört gezek geçirilýär: güýzüne (2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan- 22-nji noýabra çenli), gyşyna (2023-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan —7-nji martyna çenli), baharda (2023-nji ýylyň 11-nji aprelinden—6-njy iýunyna çenli) we tomsuna 2023-nji ýylyň 11-nji iýulyndan —5-nji sentýabryna çenli).
Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasy bütin dünýädäki iňlis dilini okadýan daşary ýurt mugallymlaryna, hünärmenlere we okuwçylara wirtual okamak mümkinçiliklerini hödürleýär. Oňa gatnaşyjylar dürli okuw materiallaryna elýeterlilik alýarlar.
ORIENT habarlar








