HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ulag kompaniýalary logistika babatynda halkara tejribesini öwrenerler

Aprel 12, 2023 | 15:12 |8737
«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler.«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler.
Çeşme: pixabay.com

«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler.

13-nji aprelden 18-nji aprele çenli geçjek onlaýn-görnüşindäki tälim beriji webinarlar şeýle hem türkmen ulag kompaniýalaryny ýük daşamalar ugruna IT-ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen hem tanyşdyrar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Çäräni gurnaýjylar bolup «Türkmen logistika», CILT Central Asia we ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) çykyş etdiler.

Çärä bu ugurdan öňdebaryjy bilermenler işe çekilendir. 11-nji aprelde birinji seminaryň barşynda olar eýýäm awtoulagly ýük daşamalaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Geljekdäki tapgyrlarda hünärmenleriň uly bolmadyk ölçegdäki we aşa agramy bolan ýükleri daşamak we üpjün etmeleriň sowuk zynjyryny dolandyrmak bilen bagly meseleler boýunça anyk maslahatlary bermeklerine garaşylýar.

CILT ýerli ulag kompaniýalaryny häzirki zaman dünýäsinde logistikany ösdürmek üçin gerekli başarnyklar we bilim bilen tanyşdyrmak üçin dünýäniň 35 ýurdunda işleýär. Seminarlary üstümizdäki ýylyň her aýynda geçirmek meýilleşdirilendir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026