Welosiped sportuny söýüjileriň Ýewropa jemgyýeti Izmirde duşuşar


11-13-nji oktýabrda Türkiýäniň Izmir şäherinde «ÝewroWelo we Welosipedli syýahatçylyk» maslahaty «Welosiped sporty: miras boýunça täze geljek» diýen şygar astynda geçer.
Durnukly welosiped syýahatçylygynyň ösdürilmegine gönükdirilip, maslahat welosyýahatçylyk boýunça bilermenleri, welosyýahatçylygyň operatorlaryny we beýleki gyzyklanýan taraplary birleşdirer. Ol welosiped syýahatçylygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, welosiped senagatynda infrastruktura babatynda soňky işläp taýýarlamalar bilen tanyşmak we pikirleri we tejribe alyşmak arkaly täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdançany bolup hyzmat eder. Çäre iki tigirdäki syýahatçylyk mirasyny öňe sürmäge hem mümkinçilik berer.
Tehniki saparlaryň çäklerinde gatnaşyjylar EuroVelo 8-e girizilen birnäçe ugurlar — Ortaýer deňziniň ugry bilen tanşarlar we Izmiriň we onuň gözel ýerleriniň üstünden geçip, özleri üçin taryhy we aşhana gymmatlyklaryny açarlar.
«ÝewroWelo» — ýewropa yklymyny birleşdirýän we 17 sany welosiped ugruny bir ýere jemleýän halkara welosiped torudyr. Ol Ýewropanyň welosipedçiler federasiýasy tarapyndan dolandyrylýar we durmuşyň ekologik we durnukly kriteriýalaryny goldaýan ugurlary öz içine alýar.
Türkiýe EuroVelo-da EuroVelo-8 ugrunyň bölegi hökmünde — Izmirdäki 500 km-lik ugry bilen Ortaýer deňziniň ugry hökmünde gatnaşýar. EuroVelo 8 Ispaniýadan başlanýar we 11 ýurduň üstünden geçip, Fransiýanyň, Italiýanyň, Sloweniýanyň, Horwatiýanyň, Çernogoriýanyň, Albaniýanyň we Gresiýanyň, şeýle hem Izmiriň we Günorta Kipriň üsti bilen dowam edýär.
ORIENT habarlar








