HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar astronomyň 2000-ýyllyk golýazmasyny derňediler

Aprel 12, 2023 | 13:04 |6418
Parižiň Sorbonna uniwersitetiniň we Nýu-Ýork uniwersitetiniň bilermenleri spektral wizualizasiýa usulynyň kömegi bilen 2000 ýyllyk golýazmanyň mazmunyny açmagy başardylar – diýip, Archive for History of Exact Sciences habar berýär.Parižiň Sorbonna uniwersitetiniň we Nýu-Ýork uniwersitetiniň bilermenleri spektral wizualizasiýa usulynyň kömegi bilen 2000 ýyllyk golýazmanyň mazmunyny açmagy başardylar – diýip, Archive for History of Exact Sciences habar berýär.
Çeşme: depositphotos.com

Parižiň Sorbonna uniwersitetiniň we Nýu-Ýork uniwersitetiniň bilermenleri spektral wizualizasiýa usulynyň kömegi bilen 2000 ýyllyk golýazmanyň mazmunyny açmagy başardylar – diýip, Archive for History of Exact Sciences habar berýär.

Olaryň pikirine görä, işiň awtory matematik we astronom Klawdiý Ptolomeý ekeni. Artefakt biziň eýýamymyzyň birinji asyry diýlip senelenýär.

Tekst grek dilinde pergamentiň bir bölegine ýazylypdyr. Ony 1819-njy ýylda italýan kardinaly we alym-filolog Anželo Maý ýüze çykarypdyr. Resminama Italiýanyň demirgazygyndaky Bobbio abbatlygyndaky kitaphanada saklanypdyr.

Bilermenler iki asyrdan gowrak wagtyň dowamynda ilkibaşdaky tekste düşünmändirler. VI ýa-da VII asyrlarda kimdir biri gymmatbaha pergamenti gaýta ulanmak isleýär we onuň ýüzüne ispan teology Isidor Sewilskiniň «Etiologiýasynyň» böleklerini ýazýar. Häzirki wagta çenli alymlara diňe käbir sözleri okamak başardypdy.

Derňemegiň dowamynda bilermenler golýazmany ýagtylygyň tolkunynyň dürli uzynlyklarynda birnäçe gezek surata düşürdiler. Soňra şekilleri birleşdirdiler. Işleriň barşynda alymlar gerekli ýazgylary tapawutlandyrmagy başardylar.

Bu usul ýazylanlaryň ýarysyndan gowragyna ony okamaga mümkinçilik berdi. Ptolemeý pergamentde meteoroskopy – astronomiki hasaplamalary geçirmek we ýyldyzlary öwrenmek üçin gurluşy döretmek boýunça gollanmany beýan eden ekeni. Ol biri-biriniň daşyndan aýlanýan dokuz sany metal halkajykdan ybarat bolupdyr.

Alymlar birinji we soňky sahypany okap bilmändiklerini we awtoryň goluny tapmandyklaryny bellediler. Ýöne olara Prolemeý üçin häsiýetli bolan käbir sözleri we söz düzümlerini kesgitlemek başartdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026