HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky Rus öýünde şekillendiriş sungaty boýunça kosmosa bagyşlanan ussatlyk sapagy geçirildi

Aprel 11, 2023 | 21:55 |14411
"Kosmosa uçuş" - şeýle at bilen Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölüminiň binasynda çagalar üçin şekillendiriş sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Suratkeş Batyr Bekmyradowyň Rus öýünde çagalar bilen geçirilen nobatdaky duşuşygy ertir, 12-nji aprelde bellenilýän Kosmonawtika gününe we Adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara gününe bagyşlandy."Kosmosa uçuş" - şeýle at bilen Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölüminiň binasynda çagalar üçin şekillendiriş sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Suratkeş Batyr Bekmyradowyň Rus öýünde çagalar bilen geçirilen nobatdaky duşuşygy ertir, 12-nji aprelde bellenilýän Kosmonawtika gününe we Adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara gününe bagyşlandy.
Çeşme: orient.tm

"Kosmosa uçuş" - şeýle at bilen Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölüminiň binasynda çagalar üçin şekillendiriş sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Suratkeş Batyr Bekmyradowyň Rus öýünde çagalar bilen geçirilen nobatdaky duşuşygy ertir, 12-nji aprelde bellenilýän Kosmonawtika gününe we Adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara gününe bagyşlandy.

Bu gün döredijilik sapagyna gatnaşyjylara älem giňişligi barada pikir ýüwürtmek, ýyldyz açyşlary we galaktikanyň giňişlikleri hakda arzuwlar ummanyny gulaçlamak teklip edildi.

Sapak çeperçilik we sosial-aragatnaşyk meselelerinden başga-da, öwredijilik häsiýetine hem eýe boldy. Çagalar kosmosy özleşdirmek baradaky bilimlerini giňeltdiler we Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Batyr Gulnazarowiçiň ýolbaşçylygynda kompozisiýa we reňk duýgusyny tapladylar.

Halypanyň berýän maslahatlary arkaly, körpe suratkeşler hyýallarynda älem giňişligine aralaşyp, başdan geçirýän duýgularyny kagyz ýüzüne geçirdiler. Görkezen tutanýerliligi we yhlasy üçin çagalar öz çeken suratlary bilen sylaglandy we olar öz işlerini höwes bilen öýlerine alyp gaýtdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026