Messi 10 sagatlap öýüniň ýanynda duran janköýerini myhmançylyga çagyrdy


Argentinanyň ýygyndysynyň we Fransiýanyň “Pari Sen Žermen” toparynyň futbolçysy Lionel Messiniň janköýeri Huan Polkan onuň Pariždäki öýüne çagyrylmazdan öň, 10 sagatlap öýüň öňünde durdy. Bu barada RIA Nowosti Argentinanyň Infobae täzelikler saýtyna salgylanyp, habar berýär.
"Men internetde Messiniň ýaşaýan öýüniň salgysyny gözledim, ýöne ol ýerde hiç hili uç tapmadym. Men ony bir wagtlar oňa öýünde hyzmat eden bir sertaraşdan sorap bildim. Olam maňa takyk bir zat aýtmady, diňe etrabyny salgy berdi. Messiniň öýüni tapmak üçin maňa 45 minuda golaý wagt gerek boldy – diýip, "Infobae" italiýaly Polkanyň sözlerini getirýär.
Janköýeriň sözlerine görä, ol ir sagat 9-dan bäri öýüň öňünde durany üçin, Messiniň howpsuzlyk işgäri polisiýa jaň etjekdigini aýdanynda, lapykeç hala düşüpdir. Emma futbolçynyň aýaly Antonella Rokussonyň rehmi inip, ony öýüne çagyrypdyr.
"Ilkinji gören zadym, edil öňümde Messi dur, özem bize “salam” diýýär. Bu ajaýyp pursatdy. Men onuň janköýeridigimi oňa aýtdym, biz bile surata düşdük, ol meni gujaklady we elimde gol çekdi" – diýip Polkan gürrüň berýär. Ol şol günüň özünde Messiniň goluny hemişelik galmagy üçin tatu etdiripdir.
ORIENT news








