Astananyň merkezinde Geýdar Alyýewiň adyny göterýän köçe peýda boldy


Astanada Geýdar Alyýew adyndaky köçe peýda boldy. Duşenbe güni Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Kasym-Jomart Tokaýew we Ylham Alyýew gazak paýtagtynyň merkezindäki şaýoly dabaraly ýagdaýda açdylar – diýip, Akorda metbugat gullugyna salgylanýan “Kazinform” HHA habar berýär.
Bu ädim Geýdar Alyýew ýaly dünýä derejesindäki şahsyýetleriň adyny ebedileşdirmäge we hatyralamaga gönükdirilendir. Kasym-Jomart Tokaýew dabarada Azerbaýjan lideriniň adyny göterýän Astanadaky täze köçäniň bu asylly işe möhüm goşant goşjakdygyny belledi.
Ol Geýdar Alyýewiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmakda we berkitmekde bahasyna ýetip bolmajak goşandyny belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, azerbaýjan halkynyň beýik ogly gazaklar barada mydam gowy pikirde bolup, halklaryň gelip çykyşynyň we mirasynyň umumylygyny nygtaýardy.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew hem öz gezeginde bu taryhy dabara gatnaşmaga hoşaldygyny aýtdy.
ORIENT news








