HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HYÖU-yň talyplary ilkinji gezek Wenada geçirilen halkara hukuk bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik etdiler

Aprel 11, 2023 | 18:53 |17297
Türkmen talyplary ilkinji gezek hususy halkara hukugy we täjirçilik arbitraž boýunça dünýäniň iň abraýly talyp bäsleşigi bolan Willem S. Wies bäsleşigine gatnaşdylar.Türkmen talyplary ilkinji gezek hususy halkara hukugy we täjirçilik arbitraž boýunça dünýäniň iň abraýly talyp bäsleşigi bolan Willem S. Wies bäsleşigine gatnaşdylar.
Çeşme: предоставлено пресс-службой МУГНиР

Türkmen talyplary ilkinji gezek hususy halkara hukugy we täjirçilik arbitraž boýunça dünýäniň iň abraýly talyp bäsleşigi bolan Willem S. Wies bäsleşigine gatnaşdylar.

Hukuk bäsleşiginde Türkmenistana Halkara Ynsanperwerlik we Ösüş Uniwersitetiniň (HYÖU) topary – halkara dolandyryş we hususy kanun fakultetlerinde okaýan 4-nji ýyl talyplary Şemşat Annageldiýewa, Altyn Orazberdiýewa, Leýli Dowyýewa we ikinji ýyl talyby Begli Ataýew wekilçilik etdiler.

Willem S. Wies adyndaky bäsleşigi Awstriýanyň Wena şäherinde doly iş güni geçirilip, oňa 89 ýurtdan 2500-den gowrak talyp we 1100 araçy ýygnandy.

HYÖU-niň topary, talapçynyň we jogapçynyň adyndan ähtnamalary görkezip, umumy diňlenişige gatnaşdy. Awstriýa bäsleşigi hukuk pudagyndaky geljekki hünärmenlere bilimlerini doldurmaga we hukuk hünäri boýunça halkara tejribesini hem-de başarnyklary özleşdirmäge mümkinçilik berdi.

1.JPG

Bäsleşik gatnaşyjylara halkara täjirçilik hukugyny we arbitražy, şeýle hem Halkara harytlary satmak baradaky Wena konwensiýasynyň düzgünlerini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bäsdeşlik görnüşinde toparlar aýry-aýry hukuk meselelerinde öz orunlaryny görkezmek, öz pikirini goramak, garşydaşlaryň delillerini we kazyýet işleriniň araçylarynyň soraglaryny görkezmek, toparlaýyn işleşmek we pikirlerini iňlis dilinde dogry beýan etmek endiklerini ulanýarlar.

Bäsleşik1993 ýyldan bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara Söwda Hukuklary Geňeşiniň (UNCITRAL), birnäçe halkara arbitraž institutlarynyň (ICC, LCIA, CIETAC, SCC we ş.m.) howandarlygynda, şeýle hem Peýs (Pace University), Kwin Meri (Queen Mary), Stokgolm (Stockholm University), Wena (University of Vienna) uniwersitetleriniň goldawynda her ýyl geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026