ABŞ-nyň prezidenti koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen Adatdan daşary ýagdaý düzgünini ýatyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýurtda COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaýy ýatyrýan kanuna gol çekdi. Bu barada Ak tamyň saýtynda çap edilen beýanatda habar berilýär.
ADÝ düzgüni ýyrtda 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan güýje girdi we birnäçe gezek uzaldyldy. Dürli çäklendiriji çäreleriň hukuk esasy 11-nji aprelde hereket etmegini bes etdi.
Ozal Ak tam ony ýene-de uzaltmagy meýilleşdiripdi, ýöne kanun çykaryjylar ADÝ düzgünini gyssagly bes etmek kanunyň taslamasyny tassykladylar we Baýden hem oňa gol çekdi.
BSGG-nyň baş direktory Tedros Adhanam Gebreýesus şu ýyl koronawirus ýokanjy tarapyndan döredilen pandemiýanyň tamamlanjakdygyna, şol sebäpli girizilen halkara adatdan daşary ýagdaý düzgünini ýatyrjakdyklaryna ynam bildirdi.
ORIENT habarlar








