HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hyundai Engineering — Türkmenistanyň Dubaýdaky halkara maýa goýum forumynyň bürünç hyzmatdaşy

Aprel 11, 2023 | 14:53 |8134
Hyundai Engineering  2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýdaky Hyatt Regency otelinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hyzmatdaşydyr - diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler.Hyundai Engineering  2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýdaky Hyatt Regency otelinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hyzmatdaşydyr - diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Hyundai Engineering 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýdaky Hyatt Regency otelinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hyzmatdaşydyr - diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler.

1974-nji ýylda esaslandyrylan Hyundai Engineering diňe bir Koreýa Respublikasynda däl, eýsem bütin dünýäde dürli ugurlarda inženerçilik çözgütlerini hödürleýän global kompaniýa öwrüldi. Kompaniýa köp ýyllyk tejribä, öňdebaryjy tehnologiýalara we adam mümkinçiliklerine esaslanýan gymmatlyklary döretmäge ymtylýar.

Türkmenistanda öz işjeňliginiň 10 ýylynyň içinde Hyundai Engineering birnäçe iri bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirip, iň çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýar hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy.

2013-nji ýylda «Galkynyş» gaz ýatagynda kompaniýa gazy kükürtden arassalaýjy desgany gurdy. LX International Corporation bilen hyzmatdaşlykda Hyundai Engineering Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda birnäçe täze tehnologik desgalary işe girizdi.

2018-nji ýylda Günorta Koreýa kärhanasy Balkan welaýatyndaky Gyýanly şäherçesinde täze gaz-himiki toplumyň gurluşygyny tamamlady. Onuň her ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bar. Önüm öndürilende öňdebaryjy we ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalar ulanylýar.

Bahasy 3,4 mlrd ABŞ-nyň dollary bolan taslama Hyundai Engineering tarapyndan LX International Corporation we TOYO Engineering Corporation kompaniýalary bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

2014-nji ýylda taslamany taýýarlama tapgyrynda Hyundai Engineering kompaniýasynyň Beýik Britaniýada TXF (Trade-Export-Finance)-den Ýewropadaky we Aziýadaky iň gowy on sany ekologik taýdan arassa taslamalaryň biri hökmünde ýörite sylag alandygy bellenmäge mynasypdyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026