«Dostluk kerweni» awtoulagly ýöriş Türkmenistanyň şäherleriniň üstünden geçer


GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň goldaw bermeginde Ýolçylaryň hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan «Dostluk kerweni» atly iki hepdelik halkara awtoulagly ýöriş Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Ermenistanyň çäginden geçer.
Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, uzynlygy 4000 km deň bolan ýoly gatnaşyjylar iki hepdede geçerler. Ýöriş 10-njy maýda tamamlanar.
Awtoulagly ýöriş 24-nji aprelde Duşenbeden başlanar. Ondan aňryk awtoulagçylar Aýni—Penjikent—Täjigistanyň Özbegistan bilen araçägi- Samarkant— Nawoýi—Buhara— Özbegistanyň Türkmenistan bilen araçägi— Türkmenabat—Mary—Aşgabat—Türkmenistanyň Eýran bilen araçägi—Maşat—Tus—Nişapur—Gorgan—Sori—Tähran—Tebriz—Eýranyň Ermenistan bilen araçägi—Megri—Kapan—Ýerewan ugurlary boýunça hereket ederler.
Duşenbe, Samarkand, Aşgabat, Tähran we Ýerewan halkara awtoulagly ýörişiniň barşynda ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara ylmy-amaly maslahatlar we seminarlar geçiriler.
Halkara awtoulagly ýörişiň gatnaşyjylaryny kuboklar, medallar, diplomlar, hormat hatlary, şeýle hem Ýolçylaryň hökümetara geňeşiniň, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň sylaglary we halkara awtoulagly ýörişini goldaýan jemgyýetçilik, pudaklaýyn guramalaryň, edaralaryň beýleki sylaglary bilen sylaglarlar.
ORIENT habarlar








