Türkmenistanyň banklary depozitleriň möçberini 4,5 esseden gowrak artdyrdylar


2022-nji ýylda Türkmenistanyň banklary tarapyndan alnan depozitleriň möçberi 872,64 milliard manata deň boldy, bu 2021-nji ýyldakydan 4,62 esse köpdür. Bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Bank habarlarynda» çap edilen maglumatlardan gelip çykýar.
Çekilen depozitleriň möçberiniň artmagy Türkmenistanda ilat tarapyndan süýşürintgilerden girdeji almak üçin amatly şertleriň döredilendigini görkezýär we banklar tarapyndan karz bermek we karzlaşdyrmak üçin köp serişdeleriň alnandygyna şaýatlyk edýär.
2022-nji ýylda depozitleriň ähli görnüşleri boýunça ortaça goýum stawkasy 0,31% deň boldy, fiziki şahslar üçin gyssagly depozitler üçin ortaça stawka — 9,75% deň boldy.
Çekilen depozitleriň jemi möçberinden geçen ýylda ýuridiki şahslaryň bank goýumlary 821,75 mlrd manata deň boldy, fiziki şahslaryň banka ýatyrymlary — 50,89 milliard türkmen manadyna deň boldy.
Şunuň bilen baglanyşykly okaň:
Türkmenistanda bank goýumlary – süýşürintgileri nädip saklamaly we köpeltmeli
ORIENT habarlar








