HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň hökümeti oba ýerlerinde işsizligiň derejesiniň kemelmegine garaşýar

Aprel 10, 2023 | 17:45 |8443
Gazagystan Respublikasynyň hökümeti 2023-2027-nji ýyllar üçin oba çäkleriniň ösüş Konsepsiýasyny kabul etdi, ol obalylaryň arasynda işsizligiň derejesiniň 4,2% kemelmegini göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça, muňa şäher ilatyny hem goşmak bilen, bu görkeziji 4,9% deňdir.Gazagystan Respublikasynyň hökümeti 2023-2027-nji ýyllar üçin oba çäkleriniň ösüş Konsepsiýasyny kabul etdi, ol obalylaryň arasynda işsizligiň derejesiniň 4,2% kemelmegini göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça, muňa şäher ilatyny hem goşmak bilen, bu görkeziji 4,9% deňdir.
Çeşme: pixabay.com

Gazagystan Respublikasynyň hökümeti 2023-2027-nji ýyllar üçin oba çäkleriniň ösüş Konsepsiýasyny kabul etdi, ol obalylaryň arasynda işsizligiň derejesiniň 4,2% kemelmegini göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça, muňa şäher ilatyny hem goşmak bilen, bu görkeziji 4,9% deňdir.

Taslama laýyklykda oba ilatyny ýerli dolandyryş ulgamyna işjeň çekerler, çäkleriň özünde bolsa — syýahatçylygy, ekohowpsuzlygy, döwlet goldawy maksatnamalarynyň kömegi bilen eksporta gönükdirilen önümçiligi ösdürerler – diýip, zakon.kz habar berýär.

Mundan başga-da, mekdepleri, hassahanalary we medeni desgalary köpçülikleýin gurmak meýilleşdirilýär. 2027-nji ýyla çenli oba ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylary gerekli ulag we sport infrastrukturasy, ýokary tizlikli internet bilen doly üpjün ediler.

Iş berijileri hem höweslendirerler: öz işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurýanlara çykdajylaryň ýarysy gaýtarylyp berler. Serhetýaka etraplarynda aýlyklara goşmaça kömek pullary berler we ýylyna 2,5% bilen şahsy mellek ýerlerine mikrokarzlaryň berilmegi giriziler.

Hökümet şeýle hem girdejisi iň az aýlyk hakyndan pes bolan ilatyň böleginiň 5,8% çenli kemelmegine garaşýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026