«Hazar — dostluk deňzi» motoýörişine gatnaşyjylar Bakuda garşylandy


RF-iň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky «Hazar — dostluk deňzi» atly ilkinji motoýörişe gatňaşyjylar 8-nji aprelde Baku şäherine bardylar. Ýaryşa gatnaşyjylar 10 günde motosikl bilen müňlerçe kilometr ýol geçip, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň şäherlerine baryp gördüler. Pellehana – Azerbaýjan.
Motoýöriş Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geçirilýär.

Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin “Moskwa-Baku” portaly bilen söhbetdeşlikde Hazar deňziniň daşyndan motosikl bilen aýlawyň ilkinji gezek özleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.
“Motoýöriş üçin “Hazar — dostluk deňzi» adyny saýlamagymyz tötänleýin däl. Biz aramyzda ýatan ýüzlerçe kilometre seretmezden, Hazaryň töwereginde biri-birimize has ýakyndygymyzy görkezmek isledik. Tutuş syýahatymyz duşuşyklara beslendi. Bizi hemme ýerde mähirli garşy aldylar. Baran ýerlerimizde milli medeniýetler bilen, täze adamlar bilen tanyşdyk, tutuş ýörişiň dowamynda hemme zat gülala-güllük” – diýip, Babuşkin aýtdy.

Azerbaýjanda russiýaly myhmanlar üçin giň meýilnama meýilleşdirilendir, şol sanda Rus prawoslaw ybadathanasynyň Baku we Azerbaýjan ýeparhiýasynyň sekretary arhimandrit Aleksiý bilen duşuşygy geçiriler.
Şeýle hem Igor Babuşkin bilen Azerbaýjanyň premýer-ministri Ali Asadowyň iş duşuşygy göz öňünde tutulandyr. Taraplar söwda, senagat, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Logistika we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berler. Igor Babuşkin, şeýle hem, Astrahan sebitiniň we Azerbaýjanyň sebit ýaşlar jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşar.
10-njy aprelde agşam rus moto kerweni azerbaýjan-russiýa serhedinden geçip, Astrahana gaýdyp barar.
ORIENT news








