Türkiýäniň Togg kysymly elektrik awtoulagy Türkmenistana ak reňkde geler


Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu ýekşenbe güni Antalýadaky Togg sergi meýdançasyna baryp görende, Türkiýäniň önümi bolan Togg kysymly awtoulaga dünýäniň dürli künjeklerinden, esasanam türki döwletlerden uly gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.
“Togg indi tutuş Türkiýe boýunça köçelerde raýatlarymyzyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy, hatda daşary ýurtlardaky raýatlarymyzam: “Haçan Togg bu ýurda geler?” - diýip soraýarlar. Beýleki tarapdan, dünýäniň çar künjeginden, esasanam doganlyk türki döwletlerden uly gyzyklanma bar” – diýip, TRT teleýaýlymy ministriň sözlerini getirýär.

Şu hepde, 4-nji aprelde Türkiýäniň Togg kysymly ilkinji elektrik awtoulagy Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýewe gowşuryldy. Mewlýut Çawuşoglu: “Ol beýleki ýurtlara hem, ýagny Türkmenistana we Özbegistana ugradylar” – diýdi. Ministr: “Türkmenistan ak reňkli awtoulaga isleg bildirdi” – diýip, aýtdy we ak reňkli awtoulaglaryň bir aýyň dowamynda çykjakdygyny belledi.
Togg kysymly awtoulag önümçiligi boýunça zawodyň açylyş dabarasy 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda geçirildi. Zawod Bursa welaýatynda guruldy. Çärä gatnaşan Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Togg elektrik awtoulagyny synagdan geçirdi. Ol ýylda 175,000 awtoulagyň öndüriljekdigini we 2030-njy ýyla çenli önümçiligiň 1 milliondan geçjekdigini aýtdy.

Awtoulag elektrik hereketlendirijisi 200 we 400 at güýjüne deň bolan iki görnüşde öndürilýär. Iň kuwwatly görnüşi 4,8 sekuntda sagatda 100 km/tizlige ýetmäge ukyplydyr. Elektrik awtoulagynyň geçiş aralygynyň ýokary diapazony, takmynan 500 kilometre barabardyr. Awtoulag önümçiliginde olaryň daşky gurşawa zyýansyz bolmagyna aýratyn üns berildi.
TOGG ýene dört modeli meýilleşdirýär. “C” klas sedan 2024-nji ýylda gurnama konweýerine goýular, soňra liftbek, “B” klasa degişli ykjam krossower we ykjam MPV bolar.

TOGG gysgaltmasy “Türkiye'nin Otomobili Girişim Grubu” söz düzüminden emele gelip, türkmen diline terjime edilende, Türkiýäniň Awtoulag Kärhanalar Toplumy diýmegi aňladýar.
ORIENT news








