HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ykdysady ösüşi boýunça Merkezi Aziýada öňdebaryjy bolup biler

Aprel 09, 2023 | 01:37 |15353
Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Aziýanyň Ösüşi-2023 (Asian Development Outlook) hasabatynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 2022-nji ýylda gazanylan 6.2% we 2021-nji ýylda -  5.0% bilen deňeşdirilende 6.5% deň boljakdygyny çaklaýar.Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Aziýanyň Ösüşi-2023 (Asian Development Outlook) hasabatynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 2022-nji ýylda gazanylan 6.2% we 2021-nji ýylda -  5.0% bilen deňeşdirilende 6.5% deň boljakdygyny çaklaýar.
Çeşme: orient.tm

Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Aziýanyň Ösüşi-2023 (Asian Development Outlook) hasabatynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 2022-nji ýylda gazanylan 6.2% we 2021-nji ýylda - 5.0% bilen deňeşdirilende 6.5% deň boljakdygyny çaklaýar.

Bu Merkezi Aziýa sebitinde şu ýyl üçin iň ýokary ykdysady ösüş depginidir, bu görkeziji Gazagystanda 3,2%, Gyrgyzystanda - 4,5%, Täjigistanda - 5,5% we Özbegistanda - 5% deň bolar diýlip çaklanylýar.

AÖB-niň hasabatynda: “Türkmenistanyň uglewodorod eksportyndan alýan girdejileriniň çak edilýän ösüşi şu ýyl we indiki ýyl döwlet býudjetiniň balansyny saklamaga mümkinçilik berer” - diýilýär.

Şeýle-de, hasabatda uglewodorod önümçiliginiň we eksportynyň ösüşiniň 2022-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň dikelmegine ýardam edendigi barada bellenilýär. “Serhetleriň açylmagy, halkara gatnawlaryň kem-kemden dikeldilmegi, ýurduň içinde hereketiň ýokarlanmagy, söwdanyň ösmegi we hyzmatlar pudagynyň gaýtadan dikeldilmegi ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşdy”.

Türkmenistan öz gazyny Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana (Eýranyň üsti bilen) we Özbegistana, elektrik energiýasyny bolsa Owganystana, Eýrana, Gyrgyzystana we Özbegistana iberýär. Şeýle hem ýurdumyz nebit önümlerini, dokma önümlerini, mineral dökünleri we azyk önümlerini eksport edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
IAC 2026 Antalýada dünýäniň ähli künjeginden kosmos pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini jemlär

IAC 2026 Antalýada dünýäniň ähli künjeginden kosmos pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini jemlär

18:01 Oktýabr 06, 2026
Gazagystan, Özbegistan we Eurasia Growth Hub IT-startaplara dünýä bazaryna çykmaga ýardam ederler

Gazagystan, Özbegistan we Eurasia Growth Hub IT-startaplara dünýä bazaryna çykmaga ýardam ederler

17:56 Oktýabr 06, 2026
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026