Daşkentde Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hormatyna miweli baglar oturdyldy


Daşkentdäki mekdepleriň biriniň çäginde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda faşistlere garşy söweşen özbegistanlylaryň hatyrasyna miweli baglar oturdylyp, memorial seýilgähi döredildi. Özbegistanda "Hakyda bagy" watançylyk çäresi ikinji gezek geçirilýär, mekdep okuwçylary, meýletinçiler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şäherde 70 düýp miweli bag ekdiler – diýip, «МИР 24» habar berýär.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda faşistlere garşy Özbegistanyň işe ukyply ilatynyň ýarysy diýen ýaly söweşdi. Çärede oňa gatnaşan ýaşlara “ýüzlerçe müň esgeriň öýlerine gaýdyp gelmändigi” barada gürrüň berdiler.
"Hakyda bagy" dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 5 milliondan gowrak adamyň gatnaşan uly göwrümli taslamasydyr. Memorial bulwarlar we baglar eýýäm Russiýanyň her sebitinde, şeýle-de Hindistanda, Ermenistanda, Ysraýylda we Gyrgyzystanda peýda boldy. Ýakyn geljekde şeýle seýilgähler Täjigistanda, Braziliýada we Serbiýada dörediler.
ORIENT news








