HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistanyň Prezidenti Murmu gyryjy uçarda uçuş amala aşyrdy

Aprel 08, 2023 | 22:57 |12606
Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmu şenbe güni Assam ştatynyň Tezpur howa bazasyndan Su-30 MKI kysymly söweş uçary bilen harby uçuşy amala aşyrdy. Uçuş 30 minut dowam etdi. Ol uçardan Gimalaý daglaryny gözden geçirdi – diýip,  RIA Nowosti döwlet baştutanynyň sekretariatynyň maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmu şenbe güni Assam ştatynyň Tezpur howa bazasyndan Su-30 MKI kysymly söweş uçary bilen harby uçuşy amala aşyrdy. Uçuş 30 minut dowam etdi. Ol uçardan Gimalaý daglaryny gözden geçirdi – diýip,  RIA Nowosti döwlet baştutanynyň sekretariatynyň maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.
Çeşme: tass.ru

Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmu şenbe güni Assam ştatynyň Tezpur howa bazasyndan Su-30 MKI kysymly söweş uçary bilen harby uçuşy amala aşyrdy. Uçuş 30 minut dowam etdi. Ol uçardan Gimalaý daglaryny gözden geçirdi – diýip, RIA Nowosti döwlet baştutanynyň sekretariatynyň maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.

Hindistanyň lideri Murmu ýurduň Ýaragly güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Su-30 MKI kysymly uçarda uçuş amala aşyran dünýäde ikinji zenan prezident boldy Awiasiýa taryhyna ýazylan ilkinji uçuş 2009-njy ýylda prezident wezipesini eýelän Hindistanyň döwlet baştutany Pratibha Patil tarapyndan amala aşyrylypdy.

Gyryjy uçary Hindistanyň Harby howa güýçleriniň kapitany Nawin Kumar dolandyrdy. Administrasiýada: "Uçar deňiz derejesinden, takmynan iki kilometr belentlikde sagatda 800 kilometre golaý tizlikde uçdy" – diýip, habar berdiler.

Hindistanda Su-30 MKI kysymly gyryjy uçar Russiýanyň ygtyýarnamasy boýunça Hindistan Aeronautics Limited korporasiýasy tarapyndan öndürilýär. Hindi harby howa güýçleriniň hasabynda häzirki wagtda şu kysymly uçarlaryň, takmynan 270 sanysy bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026