Test geçirmek boýunça halkara agentlik MA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar


Test geçirmek boýunça halkara agentligi (ITA) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin dopinge garşy gurama (RADOCA) bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulýandygy baradaky ylalaşygy baglaşdy.
Hyzmatdaşlyk sebitde dessin maglumatlary alyşmaklygy ýeňilleşdirmäge we dopinge gözegçilik etmegi netijeli meýilleşdirmegi höweslendirmäge niýetlenendir. Ylalaşygyň çäklerinde dopinge garşy aň-bilim babatynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar.
«Biz Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin dopinge garşy gurama hyzmatdaş hökmünde kabul etmäge we geljekde olar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge şatdyrys» - diýip, ITA-nyň baş direktory Benžamin Koen aýtdy, bu düzümiň sport üçin örän möhüm ýurtlara wekilçilik edýändigini belledi.
Öz gezeginde RADOCA-nyň direktory Wenera Abdulla sebitleýin guramanyň agza-döwletlerde dopinge garşy mümkinçilik döretmek we dopinge garşy maksatnamalary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Bütindünýä dopinge garşy agentlik Sebitleýin dopinge garşy guramanyň Maksatnamasyny (RADO) innowasion dopinge garşy sytrategiýalaryň üsti bilen arassa sporty goramagy güýçlendirmek üçin 2004-nji ýylda esaslandyrylypdy. Häzirki wagtda Afrikanyň, Aziýanyň, Karib basseýniniň, Latyn Amerikasynyň we Okeaniýanyň 119 ýurduny birleşdirýän 12 RADO hereket edýär.
Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin dopinge garşy gurama RADOCA sekiz ýurt – Türkmenistan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan üçin sportyň arassa görnüşleri babatynda tagallalaryň öňe sürülmegine we utgaşdyrylmagyna jogap berýär.
Ol 2006-njy ýylda agza ýurtlaryň Milli olimpiýa komitetleri we hökümet wekilleri tarapyndan döredildi. Guramanyň ştab-kwartirasy Almatyda, Gazagystanda ýerleşýär.
ORIENT habarlar








