BPAzerbaýjanda uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi bolan dünýäde ilkinji deňiz platformasyny gurýar


Azerbaýjanda BP kompaniýasynyň uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi bolan dünýäde ilkinji deňiz platformasy gurulýar. Bu barada kompaniýanyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin prezidenti Gery Jons habar berdi.
Sişenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Gery Jons “Merkezi Gündogar Azeri” platformasynyň ýokarky modullaryny deňze goýbermek dabarasyna gatnaşdylar. Jons: "6 milliard dollarlyk taslama bir gije-gündizde 100 müň barrele çenli nebit öndürmäge ukyply täze deňiz platformasyndan we beýleki desgalardan ybarat. Taslamanyň synag-iş döwründe 300 million barrele çenli nebit çykarylar diýlip çaklanylýar" - diýdi.
“Merkezi Gündogar Azeri” taslamasynyň müdiri Nil Filips Aliýewe uzak aralykdan dolandyryş ýörelgesiniň çäklerinde deňiz platformasyndaky ähli amallara, şol sanda gaz guýularynyň işleýşine, başlangyç bölünişine we çig nebitiň we gazyň daşalyşyna gözegçilik etmek üçin esasy dolandyryş otagynyň döredilendigini habar berdi.
ORIENT news








