HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet gümrük gullugynda eksport-import amallary üçin web-portalyň ornaşdyrylmagynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 03, 2023 | 02:34 |6436
Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin birpenjiräniň» ornaşdyrylmagy boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçdi – diýlip, ýurduň  Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin birpenjiräniň» ornaşdyrylmagy boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçdi – diýlip, ýurduň  Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: export42.ru

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin birpenjiräniň» ornaşdyrylmagy boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçdi – diýlip, ýurduň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Gatnaşyjylar degişli ministrlikleriň we edaralaryň bitewi web-portalyň çäklerinde özara hereket etmegiň we utgaşdyrylan maglumat işjeňliginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdirliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň maglumatlar ulgamlary bilen aragatnaşyk ýola goýuldy. Meýilnamalarda— oňa Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň utgaşdyrylmagy barada bellenip geçildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bitewidöwlet maglumatlar web-portaly bolan «Eksport-improt amallary üçin bir penjiräniň» dolandyryjysy we saklaýjysydygyny belläp geçmelidiris.

Platformanyň talabalaýyk işlemegi üçin edara Türkmenistanyň gümrük araçäginden harytlary we ulag serişdelerini geçirmek boýunça gözegçilikli işlerialyp barýan ygtyýarlandyrylan edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň arasynda maglumat alşygyny üpjün edýär. Taslama tarapyndan «Birpenjire» maglumatlar ulgamy arkaly eksport-import amallary ýerine ýetirilende talap edilýän rugsat beriji resminamalaryň we şahadatnamalaryň resmileşdirilmegi göz öňüne tutulandyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026