HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nebit bazarlarynda «Gündogar çalşygy» tankerleriň köpelmegine sebäp bolýar - Bloomberg

Aprel 02, 2023 | 19:32 |9511
Nebit tankerlerine bolan isleg dünýäde ep-esli artdy. Bu diňe bir pandemiýadan soň bazarlaryň dikeldilmegi bilen çäklenmän, eýsem nebit bazaryndaky işleriň Günbatardan Gündogara tarap üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr.Nebit tankerlerine bolan isleg dünýäde ep-esli artdy. Bu diňe bir pandemiýadan soň bazarlaryň dikeldilmegi bilen çäklenmän, eýsem nebit bazaryndaky işleriň Günbatardan Gündogara tarap üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr.
Çeşme: Bloomberg

Nebit tankerlerine bolan isleg dünýäde ep-esli artdy. Bu diňe bir pandemiýadan soň bazarlaryň dikeldilmegi bilen çäklenmän, eýsem nebit bazaryndaky işleriň Günbatardan Gündogara tarap üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr.

Bu barada «Bloomberg», gämi dellaly «Braemar»-yň geleşikleriniň netijelerine salgylanyp ýazýar. Bu maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri orta derejeli tankerlere sargytlar 38 birlige çenli ýokarlandy, bu azyndan 2013-nji ýyldan bäri rekord boldy.

«Braemar»-yň uly analitigi Aleksandra Alatari tanker bazaryndaky ýagdaý barada teswir berdi. «Nebiti gaýtadan işleýän zawodyň orta we uzak möhletleýin nebit önümlerine bolan islegi goldajak esasy gurluş üýtgemesi, täze nebiti gaýtadan işleýän zawodlar bilen esasy sarp edijileriň arasyndaky geografiki çalşyk», - diýip bilermen beýan etdi.

Nebit tankerlerine bolan islegi beýleki «Simpson Spence & Young» kompaniýasy hem artdyrýar. Muňa gämilere berilýän halkara seriýa belgileriniň statistikasy şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, jemi 2022 ýyl üçin olary 31 tanker kabul eden bolsa, diňe 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde olaryň sany eýýäm 28 birlige ýetdi.

Iki ýyl ozalky 177 million bilen deňeşdirilende häzirki wagtda jemi 200 million barrelden gowrak nebit deňiz arkaly daşalýar.

Täze tankerleri gurmak üçin sargytlaryň sanynyň köpelmegi bilen, hyzmatlary üçin bahalary ýokarlandyran gämi gurluşyk kompaniýalarynyň girdejileriniň hem artmagy tebigy zat. «Bloomberg» -iň habaryna görä, häzirki wagtda bir gäminiň bahasy 45 million dollara çenli ýokarlandy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 14 göterim ýokary. Bu görkeziji 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026