TANAP-yň geçirijilik mümkinçiligi geljekde iki esse artdyrylar


Ýakyn geljekde Anatoliý üstaşyr gaz geçirijisiniň (TANAP) geçirjilik mümkinçiligi iki esse artdyrylar – diýip, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Budapeştde Türki dilli döwletleriň guramasynyň (OTG) energetika ministrlikleriniň duşuşygynda eden çykyşyna salgylanyp, Trend habar berýär.
Häzir Günorta geçelgäniň düzüm bölegi bolan gaz geçirijisiniň geçirijilik mümkinçiligi her ýylda 16 mlrd kub metre deňdir. Soňlugy bilen bu sany 31 mlrd kub metre ýetirip bolar.
Gaz geçirijisiniň geçirjilik mümkinçiliginiň artdyrylmagy hem Türkiýä, hem onuň goňşylaryna peýda getirer – diýip ministr beýan etdi. Energiýa serişdeleriniň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak we olary üpjün etmek boýunça tagallalaryň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belläp, Fatih Dönmez Türkiýäniň OTG-nyň ýurtlary bilen energitiki hyzmatdaşlyga taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Biz bu mümkinçilikden sinergiýany – bilelikdäki hereketleri döretmek üçin peýdalanmalydyrys, hususan-da, nebit, tebigy gaz we elektrik energiýasy babatynda köpmilletli taslamalary ýerine ýetirmek üçin peýdalanmalydyrys. Biz Hazaryň gündogaryny we günbataryny birleşdirip, OTG-nyň agza-ýurtlarynyň we synçylarynyň abadançylgyna oňyn goşant goşarys –diýip, ministr nygtady.
ORIENT habarlar








