HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguz welaýatynda suw geçirijileriň müň kilometrden gowragy çekiler

Mart 30, 2023 | 09:58 |7869
Daşoguz welaýatynyň häkimligi welaýatda 211 kilometrden gowrak elektrik simleriniň, 1096 kilometr suw geçirjileriň we 67 kilometr lagym turbalarynyň çekilmegi üçin tender-bäsleşigini yglan etdi - diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.Daşoguz welaýatynyň häkimligi welaýatda 211 kilometrden gowrak elektrik simleriniň, 1096 kilometr suw geçirjileriň we 67 kilometr lagym turbalarynyň çekilmegi üçin tender-bäsleşigini yglan etdi - diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Çeşme: pixabay.com

Daşoguz welaýatynyň häkimligi welaýatda 211 kilometrden gowrak elektrik simleriniň, 1096 kilometr suw geçirjileriň we 67 kilometr lagym turbalarynyň çekilmegi üçin tender-bäsleşigini yglan etdi - diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2028-nji ýyla çenli obalaryň, şäherçeleriň, etrap hukukly şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylar.

Tendere Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan kompaniýalar gatnaşyp bilýärler. Munuň üçin şu aşakdakylary tabşyrmaly:

– doly ady we hukuk derejesi, hasaba alnyş resminamalary;
– maddy-tehniki binýady baradaky maglumat;
– TSTB-den kepilnama;
– soňky ýerine ýetirilen taslamalar baradaky maglumat.

Teklipler şu ýylyň 10-njy apreline çenli sagat 9:00-dan 18:30 çenli şu salgyda kabul edilýär: Daşoguz şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 10/1 (welaýatyň häkimliginiň binasy).

Habarlaşmak üçin telefon: 9-03-02.

Ozal Daşoguzda jemagat hojalygy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň ýaýbaňlandyrylýandygy barada habar berlipdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026