Gazagystanyň hökümeti iş başyndan gitdi


Parlamentiň aşaky palatasyny - Gazagystanyň Majilisiniň täze düzüminiň saýlanmagyndan soňra ýurduň hökümeti Alihan Smailowyň baştutanlygynda öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdy - diýip, ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugatgullugy habar berýär.
Premýer-ministr wezipesine täze dalaşgäri görkezmek19-njy martda geçen saýlawlarda ýeňiş gazanan «Amanat» partiýasyna teklip edildi.
«Saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýanyň döwlet baştutanyna premýer-ministriň wezipesine dalaşgärligine görkezmäge hukugy bardyr. Şeýlelikde, bu partiýa öz üstüne syýasy jogapkärçiligi alýar, bu bolsa ýene-de bir gezek «güýçli prezident-täsirli parlament-hasabatly hökümet» formulasyny ýene-de bir gezek tassyklaýar – diýip, Tokaýew parlamentiň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisinde çykyş etmek bilen aýtdy.
Fraksiýalar bilen maslahatlaşmalardan soňra, Gazagystanyň prezidenti parlamentiň garamagyna premýer-ministriň dalaşgär adamy teklip eder we deputatlaryň ylalaşmagy bilen ony wezipä bellär. Öz gezeginde, hökümetiň baştutany hökümetiň agzalarynyň dalaşgärlerini hödürlär.
Gazagystanyň konstitusiýasyna laýyklykda, hökümet Majilisiň täze düzüminiň öňünden öz ygtyýarlyklaryny ýatyrýar. Ministrler täze kabinet düzülýänçä öz borçlaryny ýerine ýetirerler.
ORIENT habarlar








