HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen edaralarynyň hünärmenleri sanly ykdysadyýetdäki bütindünýä trendleri öwrenýärler

Mart 29, 2023 | 17:32 |7582
Dürli ministrlikleriň we edaralaryň, Mejlisiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, TürkmenistanyňPrezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabadyň häkimliginiň işgärleri «Sanly ykdysadyýetiň bütindünýä trendleri» atly bäş günlük seminara gatnaşýarlar.Dürli ministrlikleriň we edaralaryň, Mejlisiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, TürkmenistanyňPrezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabadyň häkimliginiň işgärleri «Sanly ykdysadyýetiň bütindünýä trendleri» atly bäş günlük seminara gatnaşýarlar.
Çeşme: Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan berildi

Dürli ministrlikleriň we edaralaryň, Mejlisiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, TürkmenistanyňPrezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabadyň häkimliginiň işgärleri «Sanly ykdysadyýetiň bütindünýä trendleri» atly bäş günlük seminara gatnaşýarlar.

Gibrid formatynda geçirilýän seminar BMGÖM-nyň gatnaşmagyndaky «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» taslamasyny ýerine ýetirmegiň bir bölegi bolup durýar.

Onuň maksady döwleti dolandyrmaklygyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin iň täze sanly çözgütleri ornaşdyrmak babatynda döwlet gullukçylarynyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam etmekdir.

Bu okuwy maglumat-kommunikasiýa tehologiýalary ugrundan halkara bilermen Andreý Leonowiç geçirýär. Ol ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň ýurduň beýleki pudaklaryna edýän täsiri barada gürrüň berer, sanly özgertmeler babatynda meýilleri we iň gowy halkara tejribelerini paýlaşar.

Gatnaşyjylar şeýle hem ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynda kiberhowpsuzlygy üpjün etmegiň meselelerine garap geçerler, ýeke-täk maglumatlar binýady bilen işlemegiň ýörelgelerini özleşdirerler.

«Sanlylaşdyrmak babatynda iň gowy dünýä tejribeleriniň we meýilleriniň mysalynda bu çäräniň Türkmenistanyň sanly özgerdilmesiniň umumy ösüşine itergi berjekdigine garaşylýar» - diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky maksatnama departamentiniň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhammedow aýtdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026