GIZ agentligi Araly halas etmek temasyndan iň gowy infografika üçin bäsleşik yglan edýär


Germaniýanyň Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) agentligi(Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti) Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde AHHG-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin hyzmatdaşlyk barada iň gowy infografika üçin bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşik Ýaşyl Merkezi Aziýa: Merkezi Aziýada we Owganystanda howa, daşky gurşaw we howpsuzlyk boýunça üstaşyr dialog başlangyjyna laýyklykda geçirilýär.
MA-nyň bäş ýurdundan bäş sany ýeňijiniň işleri halkara we sebitleýin forumlarda çap ediler.
Infografikanyň özi ekologiýa meseleleriniň derejesini we olaryň Ýerdäki ýaşaýyş üçin abandyrýan howpuny, şeýle hem adamzadyň bu meseleler bilen nähili baş çykaryp we planetadaky howa bilen bagly ýagdaýa nähili goşant goşup biljekdigini görkezmelidir.
Her bir gatnaşyjy diňe bir işi tabşyryp biler. Ýeňiji 2023-nji ýylyň 5-7-nji iýunynda Duşenbede geçiriljek BMG-niň Suw Dekadasy maslahatynda sylaglanar.
Eminler esasan şu aşakdakylara üns bererler:
– bäsleşligiň temasynyň açylmagyna,
– işiň çylşyrymlylygyna (shemalar, suratlar we ş.m.),
– döredijilikli çemeleşmä we milli häsiýete,
– işiň milli barabarlygyna,
– halkara we etiki ölçeglere gabat gelýändigine we syýasy wagyzyň ýokdugyna.
Işlerde awtoryň familiýasy we ady, işleýän ýa-da okaýan ýeri, şeýle hem ýaşaýan salgysy görkezilmelidir. Işler elektron poçta arkaly şu salga iberilip bilner: mukhabbat.kamalova@giz.de.
ORIENT habarlar








