HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň terminallary ynamdar dolandyryşa berlip bilner

Mart 23, 2023 | 19:35 |14349
Türkmenistan, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň terminallaryny ynamdar dolandyryşa geçirmek mümkinçliklerini gözden geçirýär. Bu mowzuk Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «KPMG Tax and Advisory LLC» halkara kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn-duşuşykda ara alyp maslahatlaşyldy, – diýip Suw ulaglary agentliginiň resmi saýtynda çap edilen habarda aýdylýar.Türkmenistan, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň terminallaryny ynamdar dolandyryşa geçirmek mümkinçliklerini gözden geçirýär. Bu mowzuk Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «KPMG Tax and Advisory LLC» halkara kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn-duşuşykda ara alyp maslahatlaşyldy, – diýip Suw ulaglary agentliginiň resmi saýtynda çap edilen habarda aýdylýar.
Çeşme: tmrl.gov.tm

Türkmenistan, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň terminallaryny ynamdar dolandyryşa geçirmek mümkinçliklerini gözden geçirýär. Bu mowzuk Türkmenistanyň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «KPMG Tax and Advisory LLC» halkara kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn-duşuşykda ara alyp maslahatlaşyldy, – diýip Suw ulaglary agentliginiň resmi saýtynda çap edilen habarda aýdylýar.

Ynamdar dolandyryş – bu aktiwleriň eýesiniň baglaşylan şertnama esasynda ynamdar dolandyryja – maýa goýuja ýa-da beýleki ynanylan şahsa geçirmeginiň usulydyr. Hukuk tejribesinde, dolandyryşyň bu görnüşinde eýeçilik hukugy emlägiň eýesinde galýar we ynamdar dolandyryjy olary diňe öz bähbidine dolandyrýar.

Ynamdar dolandyryşynyň maksatlarynyň ýene biri bolsa, Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşarky we içerki maýa goýumlaryny çekmek. KPMG kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

KPMG – audit, salgyt we maslahat hyzmatlaryny berýän halkara firmalaryň torunyň işleýän global markasydyr. Kompaniýanyň ofisleri häzirki wagtda 219 000 işgäri işleýän dünýäniň 147 ýurdunda bar. KPMG-iň wezipesi bazardaky ýagdaýy seljermek, strategiýa we iş alyp barmak çemeleşmelerini işläp düzmek.

BAE-niň AD Ports Group kompaniýasynyň ozal Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň konteýner terminalyny uzak möhletleýin ynamdar dolandyryşa almak isleýändigini ýatladýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026