Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň Jarnamasy BMG-niň sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi


Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasy 2023-nji ýylyň 1-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen giň gerimli ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda işjeň we başlangyçly orun eýeleýär.
Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň hem-de döredijilikli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyna, Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.








