HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýüzüjileri Taýlandda geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda ýedi medal gazandy

Mart 03, 2023 | 19:50 |19698
Şu gün, 3-nji martda başlanan we Bangkokda (Taýland) geçirilýän Aziýanyň suwda ýüzmek boýunça açyk çempionatynda türkmen ýüzüjileri üç altyn we dört kümüş medal gazandy.Şu gün, 3-nji martda başlanan we Bangkokda (Taýland) geçirilýän Aziýanyň suwda ýüzmek boýunça açyk çempionatynda türkmen ýüzüjileri üç altyn we dört kümüş medal gazandy.
Çeşme: TÝF

Şu gün, 3-nji martda başlanan we Bangkokda (Taýland) geçirilýän Aziýanyň suwda ýüzmek boýunça açyk çempionatynda türkmen ýüzüjileri üç altyn we dört kümüş medal gazandy.

Taýlandyň suw sport federasiýasy tarapyndan gurnalan bu ýaryşa Aziýanyň 12 ýurdundan dürli ýaşdaky ýüzüjiler gatnaşdy.

Halkara derejeli sport ussady Merdan Ataew 100 metr aralyga ýüzmekde (58.47 sekunt) altyn medal gazandy. Onuň topardaşy Dawid Akopýan 4x50 toplumlaýyn estafetada altyn medal gazandy.

processed-3968af96-7a7a-4ae0-b3a4-4778aa27d5b9_rriMqDtr.jpeg

Şeýle hem Türkmenistanyň toparynda, Arslan Gaýypnazarow 50 metrlik aralygy 27.11 sekuntda geçip ikinji orny eýeledi. Ýene bir kümüş medaly toparymyzyň gaznasyna girdeji eden, 50 metr aralygy erkin usulda (53.79 sekunt) geçen Musa Jalaýewdir.

Anastasiýa Morgenştern iki, ýagny altyn we kümüş medallary gazandy. Türkmenistanly türgen 100 metr aralyga erkin usulda (1 minut 3 sekunt) ýüzüp altyn, 50 metrlik aralygy (31.42 sekunt) ýüzüp geçip kümüş medaly gazandy. Aýnur Primowa 100 metr aralyga arkalaýyn ýüzüşde (1 minut 11 sekunt) kümüş medal gazandy.

Bu çempionatda milli ýygyndy toparyna ýedi türgen wekilçilik edýär. Olar Dmitriý Nowikowyň, Mark Pilýuginiň we Jennet Ýaýlymowanyň ýolbaşçylygynda çykyş edýän Merdan Ataýew, Musa Jalaýew, Dawid Akopýan, Arslan Gaýypnazarow, Alan Muhin, Anastasiýa Morgenşteýn we Aýnur Primowa dagylar.

Esasy derslerden başga-da, Bangkokda geçiriljek ýaryşyň bäsdeşlik maksatnamasy suwa bökmek we suw polosyny öz içine aldy. Çempionat 5-nji martda tamamlanar.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026