HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Howanyň we suwuň ulanylyşy: häkimiýetler we hususy pudak biri-birinden nämä garaşýar?

Mart 03, 2023 | 19:23 |7045
Anna güni Aşgabat şäherinde döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesi boýunça geçirilen iş maslahatyda oba hojalygynda suwy tygşytly peýdalanmaga üns çekildi.Anna güni Aşgabat şäherinde döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesi boýunça geçirilen iş maslahatyda oba hojalygynda suwy tygşytly peýdalanmaga üns çekildi.
Çeşme: BMGÖM

Anna güni Aşgabat şäherinde döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesi boýunça geçirilen iş maslahatyda oba hojalygynda suwy tygşytly peýdalanmaga üns çekildi.

Bu eýýäm Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Ýaşyl howa gaznasynyň maliýe goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan amala aşyrylýan «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli işiniň ösüşi» taslamasynyň çäginde geçirilýän şeýle ikinji iş duşuşygy.

IMG_8177.JPG

Maslahata Parlamentiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmensuw taslama» ylmy-gözleg institutynyň, Oba hojalyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Zenanlar birleşiginiň, «Tebigy Kuwwat» jemgyýetçilik guramasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýörite hünrmänleri gatnaşdylar.

Ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň arasynda oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmekde suwdan peýdalanmagy meýilleşdirmek, ekin hojalyklary üçin suwaryş düzgünlerini kämilleşdirmek, suwaryş kanallaryna ölçeg enjamlaryny oturtmak arkaly meýdanlardaky suwuň sarp edilişine gözegçilik etmek, şeýle hem suwuň minerallygyny kesgitlemek üçin häzirki zaman enjamlaryny ulanmak meselelerine uly üns berildi.

20230227_123802.jpg

Şeýle hem, bu mowzuklary ara alyp maslahatlaşmakda bu meseleleri çözmekde mundan beýläkki ösüş üçin iň möhüm ugurlar kesgitlenildi. Mysal üçin, hökümet tarapyndan suwy tygşytlamak tejribesini ornaşdyrmak üçin höweslendiriji ulgamy döretmegiň zerurlygy bellendi. Ondan başga-da howanyň üýtgemegini, täze tehnologiýalaryň we suwaryş usullarynyň (damja, sepmek) barlygyny göz öňünde tutup, geçen asyryň 80-nji ýyllarynda işlenip düzülen suwaryş ülňülerine täzeden garamagyň ähmiýeti bellendi.

IMG_9290.JPG

Çärä gatnaşyjylar şeýle ýygnaklary dowam etdirmäge işjeň gyzyklanma bildirdiler we indiki tapgyryň gün tertibine girizilmegi üçin birnäçe mowzuk teklip etdiler. Şol bir wagtyň özünde, hökümetiň, hususy pudagyň we ylmy guramalaryň tagallalaryny birleşdirip, howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary ýok edip boljakdygy barada umumy ylalaşyk gazanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Oman bilen Eýran Ormuz bogazy boýunça bilelikdäki dolandyryş işine başladylar

Oman bilen Eýran Ormuz bogazy boýunça bilelikdäki dolandyryş işine başladylar

20:00 Iýun 30, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli 1300-den gowrak ölüm hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli 1300-den gowrak ölüm hasaba alyndy

18:00 Iýun 30, 2026
Täze ugur: Ýük otlusy Hytaý bilen Türkmenistany 15 günde baglanyşdyrdy

Täze ugur: Ýük otlusy Hytaý bilen Türkmenistany 15 günde baglanyşdyrdy

17:55 Iýun 30, 2026