Ykdysadyýetçileriň JIÖ diýip ulanýanadalgasynyň aňyrsynda näme gizlenýär


JIÖ adalgasy ýurtlaryň ýa-da sebitleriň ykdysadyýeti gürrüň gidende köplenç köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde duş gelýär. Ýöne şahsy maliýe meselelerini has kiçi möçberlerde çözüp ýören ýönekeý adamlar üçin bu nämäni aňladýar? Jemi içerki önüm hakda bir zatlary bilmek asla gerekmi? Şu soraglara okap oturan makalada jogap bermäge synanyşarys.
JIÖ-niň görkezijisi biziň hakykatymyzy nädip şöhlelendirýär?
Jemi içerki önüm – JIÖ adalgasy hut şunuň ýalygörnüşde doly aýdylýar – bir ýylda döwletde öndürilen ähli harytlaryň we hyzmatlaryň umumy bahasyny görkezýär.
Eger adalgadaky aýry-aýry sözleriň manysyny seljersek, onda ol şeýle bolar:
– jemi – ähli önümçilige we hyzmatlara baha berýär,
– içerki – bu diňe ýurduň içinde öndürilýän zatlary göz öňünde tutýar,
– önüm – bu öz bazar bahasy bolan islendik önüm ýa-da hyzmatdyr.
Şu ýerde sorag ýüze çykýar – ähli harytlary we hyzmatlary tutuş ýurt boýunça nädip sanap çykmaly? Olaryň ahyrsoňky bahasyny nädip kesgitlemeli? Aslynda, öndürilen harytlar ýa-da elýeterli hyzmatlar däl-de, eýsem olar boýunça täjirçilik amallarynyň baglaşylmagy delilleri göz öňünde tutulýar.
Şeýlelik bilen, ykdysatçylar jemi içerki önümi hasaplanlarynda, ýönekeý raýatlaryň bir ýylda näçeräk pul sarp edendiklerine, daşary ýurtlularyň ýurda näçe maýa goýandyklaryny, döwletiň ykdysady ösüşe näçeräk maýa goýandygyny, şeýle hem eksportyň we importyň umumy mukdaryna seredýärler. Sanawdaky amallar boýunça ähli amallaryň jemi bolsa ýurduň ahyrky JIÖ bolar.
JIÖ-niň ösüşi baradaky habarlar nämäni aňladýar?
Gysgaça aýdylanda, jemi içerki önümiň ösüşi (köplenç öňki ýyl bilen deňeşdirilende) ykdysadyýetiň ösüşini we onuň bilen ýurduň ilatynyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini görkezýär.
Jemi içerki önümiň ösüşi barada eşideniňizde, ýurtda adamlaryň, hususy kärhanalaryň, döwletiň we beýleki edaradyr-guramalaryň ykdysady işjeňliginiň mukdarynyň artýandygyny aňladýar. Has köp önüm öndürilýär, raýatlar şahsy çykdajylaryny artdyrýarlar, kompaniýalaryň sany köpelýär we ş.m.
Täze kompaniýalar we önümçilikler näçe köp açylsa, bazarda şonça-da köp iş ýerleri peýda bolýar. Şeýle hem, mümkin bolan işgärler üçin iş berijileriň arasyndaky bäsdeşligiň ýokarlanmagy sebäpli zähmet hakynyň ýokarlanmagy bolup geçýžr.
Şeýle hem jemi içerki önümiň ösüşi döwletiň has köp salgyt alýandygyny aňladýar, bu bolsa – has köp serişdäniň durmuş ulgamyna gönükdiriljekdigini aňladýar: lukmanlaryň we mugallymlaryň aýlygy, ýaşaýyş jaýy, mekdepler, hassahanalar we ş.m.
Käbir halatlarda JIÖ-niň aşa ýokary ösüşi hem ýaramaz netijelere getirip biler, mysal üçin, bu harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň çalt ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Şeýle-de bolsa, jemi içerki önümiň mukdary peselende has ýaramazssenariýa bolýar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurtda kärhanalaryň ýapyljakgyny, iş ýerleriniň barhaazaljakdygyny we aýlyklaryň pese gaçjakdygyny aňladýar.
Türkmenistanda JIÖ-niň ösüş depgini nähili?
Dünýädäki ykdysady kynçylyklara garamazdan, köp ýurtlaryň jemi içerki önümi haýal ösüşi görkezýär we käbir ýagdaýlarda ýaramaz dinamikany görkezýär, Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi durnukly bolmagynda galýar. 2022-nji ýylyň başyndan bäri bu görkeziji 6.2% derejede saklanýar.
Şol bir wagtyň özünde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 2022-nji ýylda Türkmenistanyň hakyky jemi içerki önüminiň 7% derejesinde boljakdygyny çaklaýar. Bankyň hünärmenleriniň pikiriçe, bu görkeziji ýurduň importyň ornuny tutjak önümleri öndürmek strategiýasy we energiýa çeşmelerine dünýä bahalarynyň ýokarlanmagy sebäpli gazanylar.








