Oleg Kononenko kosmos ýük gämileriniň birleşdirilişini dolandyrmagyň emelleriniň üstünde işleýär


HKS-de nobatdaky uzak möhletleýin rus ekspedisiýasynyň kosmonawtlary uçuşa taýýarlyk görmeklerini dowam edýärler. Ekspedisiýa biziň ildeşimiz Oleg Kononenko ýolbaşçylyk eder. Geçen gezek adatdan daşary ýagdaýlar işlenildi, indi bolsa uçrmansyz enjamlaryň stansiýa ýakynlaşmagyny we birleşmegini dolandyrmagyň üstünde türgenleşdiler.

Munuň üçin “Teleoperator” enjamy ulanylýar. Türgenleşik uçarman toparynyň agzalaryny kosmos ýük gämileriniň ýa-da goşmaça enjamlaşdyrylan modullaryň ýakynlaşdyrylmagyny hem-de birleşdirilmegini elde dolandyrmak ýagdaýyna taýýarlamaga gönükdirilendir
“Bu amallara gözegçilik Halkara kosmos stansiýasyndan amala aşyrylýar. Düzgün bolşy ýaly, uçarmansyz enjamlaryň birikmegi awtomatik ýagdaýda bolup geçýär, ýöne, hünärmenler uçuşda bolup biläýjek ýagdaýlary-da göz öňünde tutýarlar hem-de kosmonawtlary adatdan daşary islendik ýagdaýlara taýýarlaýarlar” diýip, Ýuriý Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkezinde gürrüň berdiler.

Okuwlaryň netijeleri boýunça uçuş topary birleşdirmegi elde dolandyrmagyň takyklygyny we başarnyklarynyň ýokary derejesini görkezdi, şeýle hem gözükdirijileriň oňyn bahasyna mynasyp boldular. Bir hepde mundan ozal, Oleg Kononenko we Nikolaý Çub ulag ýük gämisiniň HKS-i bilen awtomatik usulda birleşmegine gözegçiligi amala aşyrdylar.
Leonid Kiýaşko, ORIENT-iň ýörite habarçysy, Russiýanyň etnikara žurnalistikasynyň Gildiýasynyň agzasy, Iwanowo ş.








