Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň prezidenti bilen duşuşdy


Şenbe güni, 11-nji fewralda iş sapary bilen Abu-Dabi şäherine gelen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň prezidenti şeýh Mohammed ben Zaid Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşyk Al-Şati köşgünde geçdi.
Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow şeýh Merýem bint Abdulla bin Sulaýem Al Falasiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi diýip, WAM habarlar agentligi habar berýär.

Mohammed ben Zaid Al Nahaýýan we Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky ysnyşykly dostlugy, hyzmatdaşlygyň we bilelikde işlemegiň dürli ugurlaryny, şeýle hem ony özara bähbitlere laýyk gelýän has giň gözýetimlerde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly halkyň ösüşini we rowaçlygyny gazanmak üçin hyzmatdaşlyga hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna umumy garaýyş bellenildi.

Şeýle hem duşuşyga iki ýurduň ýokary wezipeli adamlary, şol sanda BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň dolandyryjy direktory, BAE-niň howanyň üýtgemegi baradaky ýörite wekili, Masdar kompaniýasynyň başlygy Sultan Ahmed al-Jaber we Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory Mohammed Seýf Al-Suweýdi gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan duşuşyga hökümetiň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, BAE-däki ilçi hem-de beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar.
ORIENT news








