TDHÇB-daky söwdalaşyklar: yşyklandyryş we uçar kerosini uly islege eýe boldy


Penşenbe güni, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $24 mln amerikan dollaryna we 12,6 mln türkmen manadyna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Wirgin adalaryndan, Özbegistandan we Owganystandan gelen işewürler jemi KO-20 kysymly yşyklandyryş kerosiniň 15 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $642,75 amerikan dollary baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy $9,6 mln amerikan dollaryna deň boldy.
BAE-den we Özbegistandan gelen telekeçiler ТС-1 kysymly uçar kerosininiň 17 müň tonna golaýyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna $833,75 amerikan dollary baha berdiler. Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy $14,1 mln amerikan dolaryna deň boldy.
HHR-nyň wekili buýanyň arassalanmadyk guradylan kökleriniň we kök baldaklarynyň 500 tonnasyny $250 müň amerikan dollaryna satyn aldy. Önümiň her tonnasyna $500 amerikan dollary diýlip baha berildi.
Pakistandan gelen işewür buýan köküniň goýy ekstraktynyň 420 tonnasyny önümiň her tonnasyna 30,2 müň türkmen manadyny teklip edip, ony 12,6 mln türkmen manadyna satyn aldy.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar








