HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Olimpiýa hereketi Türkiýedäki we Siriýadaky ýer titremelerinden ejir çekenlere kömek gaznasyny döredýär

Fewral 11, 2023 | 13:08 |14398
Olimpiýa hereketi Türkiýede we goňşy Siriýada bolup geçen ýer titremesinden ejir çekenlere kömek bermek üçin adatdan daşary gaznanyň döredilýändigini yglan etdi.Olimpiýa hereketi Türkiýede we goňşy Siriýada bolup geçen ýer titremesinden ejir çekenlere kömek bermek üçin adatdan daşary gaznanyň döredilýändigini yglan etdi.
Çeşme: insidethegames.biz

Olimpiýa hereketi Türkiýede we goňşy Siriýada bolup geçen ýer titremesinden ejir çekenlere kömek bermek üçin adatdan daşary gaznanyň döredilýändigini yglan etdi.

Adatdan daşary gaznanyň möçberi Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK), şeýle hem Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň (OCA) 250 müň amerikan dollaryna, Ýewropa olimpiýa komitetleriniň 250 müň ýewrosyna we Olimpiýa gaçybatalga gaznasynyň (ORF) 260 müň dollaryna deň bolan gatançlaryny goşmak bilen birlikde 1 million dollara deňdir.

«Men Türkiýäniň we Siriýanyň Milli olimpiýa komitetleriniň prezidentleri bilen gürleşdim, olar ýer titremäniň olimpiýa jemgyýetiniň köp agzalaryna eden täsiri barada gürrüň berdiler. Gynansak-da, ejir çekenleriň arasynda türgenler we olimpiýa hereketiniň agzalary hem bar, köpüsi öýsüz galdylar, sport infrastukturasyna çynlakaý zeper ýetdi» – diýip, Halkara olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah aýtdy.

HOK-nyň baştutany Türkiýede HOK-niň adatdan daşary kömegi olimpiýa gaçybatalga gaznasy we ýerli hyzmatdaşlar tarapyndan berler diýip, aýtdy. Siriýada bolsa ejir çeken etraplara elýeterliligi bolan halkara hökümete degişli däl guramalar we BMG-niň agentlikleri tarapyndan işler geçiriler.

Olimpiýa gaçybatalga gaznasynyň «Sport raýdaşlygyň hatyrasyna» atly maksatnamanyň maliýeleşdirilmeginiň birinji ýylynyň çäklerinde serişdeleri bölüp berendigini belläp geçmelidiris. Maksatnamanyň işjeňligi sporty bosgunlara we gaçybatalga gözleýän adamlara kömek hökmünde ulanylyp, Türkiýede amala aşyrylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026