Türkiýäniň taryhyndaky uly ýaşaýyş jaý gurluşygy birwagtyň özünde bu ýurduň 10 welaýatyny gurşap alar


Türkiýäniň taryhyndaky ýaşaýyş jaýlaryny gurmak kampaniýasy ýurduň weýrançylykly ýer titremeden ejir çeken 10 welaýatynyň ählisini gurşap alar – diýip, Daşky gurşawy goramak, şäherleri ösdürmek we howanyň üýtemegi ministri Murat Kuruma salgylanyp, Anadolu agentligi habar berýär.
«Biz her 10 welaýat üçin ähli zerur zatlary ederis, edil geçen ýyllarda edişimiz ýaly ederis. Ähli güýçlerimizi ýer titremäniň netijelerini ýok etmäge gönükdireris, şol bir wagtyň özünde her 10 welaýatda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça uly kampaniýany gurarys» – diýip, Kurum aýtdy we gurluşyk işleriniň ähli welaýatlarda birwagtda başlajakdygyny belledi.
Ministriň sözlerine görä, 108 sany binanyň ýykylan ýerlerinde gözleg-halas ediş işleri 17 müňe golaý halas edijini we 3025 tehnikany işe çekmek arkaly häzire çenli dowam edýär.
ORIENT habarlar








