HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan ýeriň çuň gatlaryndan gaz çykaryp başlar

Dekabr 21, 2022 | 14:35 |10113
Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew parlamente we ýurduň halkyna iberen ýüzlenmesinde beýan etdi – diýip, Uza.uz. saýty habar berýär.Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew parlamente we ýurduň halkyna iberen ýüzlenmesinde beýan etdi – diýip, Uza.uz. saýty habar berýär.
Çeşme:

Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew parlamente we ýurduň halkyna iberen ýüzlenmesinde beýan etdi – diýip, Uza.uz. saýty habar berýär.

“Täze tehnologiýalary girizmek bilen biz ilkinji gezek gazy çuň gatlaklardan gazyp almak işine başlaýarys (6 km-den ýokary)” – diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Şu maksat bilen ýurtda geologiýa gözleg işleriniň 10-ýyllyk maksatnamasy kabul ediler. Hususan-da. Üstýurt platosynda çuň gatlaklarda gözleg-agtaryş ilerini geçirmek üçin uly daşary ýurt maýa goýumlary çekiler.

Şeýle hem Oliý Mejlisiň kanun çykaryjy palatasynyň mejlisinde Özbegistanyň 2023-nji ýyl üçin döwlet býujetine garaldy. Respublikanyň maliýe ministri Timur Işmetowyň habar bermegine görä, hökümet býujetiň 50%-ni durmuş ugruna gönükdirer.

Çaklamalara görä, 2023-nji ýylda döwlet býujetiniň çykdajylary 257,7 trillion sum bolar, olardan 130 trillion durmuş ugruna gönükdiriler. Durmuş goraglylyga we pes girdejili maşgalalary goldamaga ep-esli mukdarda serişde bölüp bermek meýilleşdirilýär.

Özbegistanyň saglygy goraýyş ulgamyna 28 trillion sumdan gowrak serişde bölünip berler, ol onkologik kömegi kämilleşdirmek, 905 müň çaga sanjym geçirmek, ilatyň saglygyny goramak we COVID-19 garşy göreşmek ýaly lukmançylyk çärelerini öz içine alar.

ORIENT habarar
Surat: uza.uz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026