«Türkmentelekom» peýdaly web hyzmatlarynyň ekoulgamyny döredýär


«Türkmentelekom» Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy hususy hyzmatdaş kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda gündelik durmuşda we işde peýdalybolan web hyzmatlarynyň milli ekoulgamyny döredýär.
Mysal üçin, «Türkmentel – 2022» sergisinde Jan Tehnologiýa bilen bilelikde işlenip düzülen «Start»messenjeri ilkinji gezek görkezildi. Bu ähli platformalarda işleýär we gysga habarlary, resminamalary, suratlary, wideoşekilleri we aýdym-sazlary çäklendirmesiz alyşmaga mümkinçilik berer.
Messenjeriň jaň funksiýasynda, beýleki platformalarda hemmeler tarapyndan halanylýan animasiýa stikerleri bolar. Döredijiler maksatnamanyň tölegsiz we ygtybarly boljakdygyny nygtaýarlar. Messenjeriň Android gurluşlary üçin synag gurluşyny ýükläp alyp bilersiňiz **
Milli e-poçta taslamasy bolan Sanly.tm hem işjeň ýagdaýda ösmegini dowam etdirýär. Platformada bar bolan hyzmatlaryň arasynda korporatiw poçta üçin «owadan» özboluşly salgyny saýlamak, poçta sanawlaryny dolandyrmak, şeýle hem umumy salgylar kitaby, senenama, meseleler sanawlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary bolan topar üçin doly hukukly wirtual ofisini döretmek mümkinçilgi hem bar.
Milli platformanyň mümkinçilikleriniň gerimi barhagiňelýär, şu salgy e.gov.tm arkaly her gün aragatnaşyk hyzmatlary, saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatlary we beýleki hyzmatlar boýunça tölegleri töläp bilersiňiz.
«Türkmentelekom» Älem TV hemra we teleýaýlym operatory bilen hyzmatdaşlykda programma arkaly Android gurluşlary üçin 125 teleýaýlymy hödürleýär. Bu hyzmat öýdäki internet hyzmatyna birikdirilende işleýär.
Şeýlelik bilen, bar bolan onlaýn platformalaryň geriminiň giňelmegi bilen «Türkmentelekom» döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy yzygiderli onlaýn programmalaryň we amaly programmalaryň ekoulgamyny döredýär. Bilelikde, dürli işleri we öý işlerini çalt ýerine ýetirmäge, halaýan teleýaýlymlaryňyzy we filmleriňizi görüp dynç almaga mümkinçilik berýär.
ORIENT
Surat: telecom.tm








