HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda «Taşkent» seýilgähini açdylar

Oktýabr 24, 2022 | 14:58 |14285
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýew Aşgabatdaky «Taşkent» seýilbagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýew Aşgabatdaky «Taşkent» seýilbagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýew Aşgabatdaky «Taşkent» seýilbagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Mäkäm türkmen-özbek dostlugynyň nyşanyna öwrülen seýilgähiň dizaýnynda milli özbek binagärligi we bezegi düzüm bölekleri ulanyldy.

Президенты Туркменистана и Узбекистана открыли парк «Ташкент» в Ашхабаде

Seýilgähiň çäginde maşgala bolup dynç almak üçin hem amatly şertler döredilipdir – dürli reňkler bilen bezelen attraksionlar we oýun meýdançalary çagalaryň göwnünden turjakdygy şübhesizdir, ulular bolsa «Daşkent» kafesinde, çaýhanada, restoranda we açyk asmanyň astynda geçiriljek konsertler üçin amfiteatrda oňaýly dynç alyp bilerler.

Daşkende bolan ýa-da Özbegistanyň paýtagty bilen fotosuratlarda görenler täze seýilgähiň gurluş dizaýnynda şäheriň nyşanyny açyp görkezýän özboluşly elementleri tapar.

Президенты Туркменистана и Узбекистана открыли парк «Ташкент» в Ашхабаде

Mysal üçin, seýilgähdäki mozaika bilen bezelen suw çüwdüriminde ýer şaryny we asmana sary ýokary göterilýän leglekleri şekillendirýän heýkeltaraşlyk kompozisiýasy Daşkentiň baş meýdançasyndaky arkanyň üstündäki bilen birmeňzeşdir. Daşkent gözel künjegini bezäp duran telewizion diňiň kiçi nusgasyny hem aňsatlyk bilen tanap bolýar, ol Özbegistanyň paýtagtynyň esasy gelim-gidimli ýerleriniň biridir.

Ozal 2018-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň paýtagtynda Aşgabat seýilgähi açylypdy, bu goňşy ýurtlaryň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşanyna öwrülen seýilgäh birnäçe ýyl bäri Daşkentiň ýerli ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyk gazandy.

Президенты Туркменистана и Узбекистана открыли парк «Ташкент» в Ашхабаде

ORIENT news
Surat: tdh.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026