Buried Hill Energy – TNG-2022-niň bürünç hyzmatdaşy


Buried Hill Energy – Angliýanyň London şäherinde ýerine ýetiriji edarasy we Kiprde ştab-kwartirasy ýerleşýän garaşsyz nebitgaz kompaniýasydyr. Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.
Kompaniýa Türkmenistanyň hökümeti bilen önümi paýlaşmak şertnamasy boýunça Hazar deňzinde (III blok) dünýä derejesindäki nebit ýatagyny özleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şereketiň taslama boýunça işleri 2008-nji ýyldaky dykyz 2D seýsmiki barlaglaryň we 2012-nji ýylda Dostluk (ozal Serdar/Kapaz ady bilen tanalýan) meýdançasynda bölekleýin 3D seýsmiki barlaglaryň netijelerini ýygnamagy öz içine alýar. Giňişleýin maglumat ýygnamak geljekde bu nebit ýatagyna has netijeli baha bermek we özleşdirmek mümkinçiligi bilen ony kesgitli we jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berdi.
2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetleri Dostluk ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada Memoranduma gol çekdiler. Bu hyzmatdaşlyk Buried Hill Energy üçin taslamanyň geljekki ösüşine gatnaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Ýakynda (2022-nji ýylyň 28-nji sentýabry) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda Buried Hill Energy kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy Piter Kallos kompaniýanyň Hazar deňziniň türkmen böleginde geljegi uly uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde we nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
“Buried Hill”-iň wekilleriniň 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda işewür gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň bar bolanlaryny berkitmek we täzelerini ýola goýmak maksady bilen geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (TNG-2022) halkara forumyna gatnaşmagyna garaşylýar.
ORIENT news








