HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşoguzda türkmen-özbek kärhanasy oba hojalygynyň tehnikasynyň önümçiligini ýola goýmaga taýýar

Oktýabr 21, 2022 | 15:03 |6368
«Türkmen-Uzagrotehmaş» bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýük göterijilik kuwwaty 4 tonna bolan traktor tirkeglerini öndürip başlamaga taýýar we geljekde has çylşyrymly oba hojalyk tehnikalaryny ýygnamagy ýola goýmagy meýilleşdirýär.«Türkmen-Uzagrotehmaş» bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýük göterijilik kuwwaty 4 tonna bolan traktor tirkeglerini öndürip başlamaga taýýar we geljekde has çylşyrymly oba hojalyk tehnikalaryny ýygnamagy ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Çeşme:

«Türkmen-Uzagrotehmaş» bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýük göterijilik kuwwaty 4 tonna bolan traktor tirkeglerini öndürip başlamaga taýýar we geljekde has çylşyrymly oba hojalyk tehnikalaryny ýygnamagy ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Bu barada bilelikdäki kärhananyň baş direktory Agzam Nuriddinow «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti üçin teswirlemesinde gürrüň berdi.

«Türkmen-Uzagrotehmaş» bilelikdäki kärhanasy önümçilikden başga Özbegistanda öndürilen oba hojalyk tehnikasynyň satuwy we olara hyzmat etmek bilen meşgullanýar.

Nuriddinow soňky 10 ýylda Özbegistanyň 10 müňden gowrak oba hojalyk tehnikasyny - traktorlary, tirkegleri, pagta ekijileri, pürküjileri, kultiwatorlary, pagta ýygyjy maşynlary we ş.m. Türkmenistana getirendigini ýatlatdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylda Özbegistana eden resmi saparynyň çäklerinde bu ýurda 28,2 million dollarlyk möçberde özbek oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşylypdy.

Nuriddinowyň bellemegine görä, Türkmenistanda oba hojalyk tehnikasynyň bilelikde öndürilmegi ýurduň agrosenagat pudagynyň ösmegini üpjün eder, goşmaça iş orunlaryny döreder we importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine ýardam eder.

«Türkmen-Uzagrotehmaş» bilelikdäki kärhanasy 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet emläk dolandyryş gullugy tarapyndan döredildi.

ORIENT news
Surat: apk-inform.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026