Aşgabat we Astana “ýaşyl” maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk ederler


Aşgabat we Astana ýaşyl maýa bazary pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar. Bu mesele Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen hökümet wekiliýetiniň şenbe güni “Astana” Halkara maliýe merkezine (AHMM) saparynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
AHMM-niň ýolbaşçysy Kaýrat Kelimbetow türkmen wekiliýetini mähirli garşylady. Saparyň dowamynda myhmanlar AHMM-niň guramalarynyň, ýagny Kazyýet we Halkara orbitraž merkeziniň, Maliýe hyzmatlaryny düzgünleşdirmek boýunça komitetiň, Yslam maliýesi we işewürligi boýunça merkeziň we Ýaşyl maliýe merkeziniň işleri bilen tanyşdylar – diýlip, AHMM-niň saýtynda duşenbe güni çap edilen habarynda berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti umumy kanunyň ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan ýörite hukuk düzgüni, AHMM-de hereket edýän salgyt we wiza ýeňillikleri, şeýle hem ýurisdiksiýanyň artykmaçlyklary we Merkeziň gazananlary bilen tanyşdy.
AHMM-niň Ýaşyl maliýe merkeziniň (ÝMM) işine aýratyn üns berildi. Ozal ÝMM-niň Ýaşyl maliýe boýunça Türki geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigi bellenip geçildi. Teklip Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary, Wengriýanyň Merkezi banky we Gyrgyzystanyň Banklar birleşigi tarapyndan goldanyldy. Häzirki wagtda Aşgabat gazna biržasy bilen hyzmatdaşlyk edýän AHMM-niň Ýaşyl maliýe merkezi Aşgabatda ofisini açmaga taýýardygyny mälim etdi.

Ýaşyl maliýe – bu ekologiýa taýdan arassa, energiýa taýdan tygşytly we pesuglerodly taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen maýa goýumlary we beýleki maliýe gurallarydyr.
ORIENT news








