HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Singapur tehnologiýa we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Oktýabr 14, 2022 | 00:13 |8187
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şu hepde Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Astana amala aşyrýan saparynyň dowamynda premýer-ministriň kanselýariýa ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky Singapuryň wekiliýeti bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şu hepde Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Astana amala aşyrýan saparynyň dowamynda premýer-ministriň kanselýariýa ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky Singapuryň wekiliýeti bilen duşuşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şu hepde Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Astana amala aşyrýan saparynyň dowamynda premýer-ministriň kanselýariýa ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky Singapuryň wekiliýeti bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde we ozal gazanylan ylalaşyklary öňe sürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda: "Taraplar halkara derejesindäki we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, hususan-da bilim, oba hojalygy, ulag, maýa goýumlary, energetika, nebithimiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar" – diýilýär.

Tejribe alyşmak üçin geljegi uly bolan ýokary tehnologiýalar pudagy bellenip geçildi, bu babatda Singapur innowasiýa merkezlerini döretmekde bütin dünýä üçin netijeli tejribeleriň mysaly boldy.

Şeýle hem, gepleşiklerde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Türkmenistan-Singapur" ilkinji işewürlik forumy 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şäher-döwlete saparynyň dowamynda geçirildi. Şonda işewürler toparlarynyň we ykdysady ÝOM-niň arasynda himiýa, dokma senagatynda, bank pudagynda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada täjirçilik şertnamalaryna we memorandumlaryna gol çekildi.

ORIENT news
Foto: Pixabay

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026