HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy “Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary” atly okuw maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Oktýabr 13, 2022 | 21:20 |3032
Häzirki wagtda “Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary” maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meseleleri” boýunça anketalary kabul edip başlady. 5 hepdelik maksatnama 2023-nji ýylyň iýun aýynda başlar. Anketalary tabşyrmgyň iň soňky güni 2022-nji ýylyň 20-nji dekabry.Häzirki wagtda “Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary” maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meseleleri” boýunça anketalary kabul edip başlady. 5 hepdelik maksatnama 2023-nji ýylyň iýun aýynda başlar. Anketalary tabşyrmgyň iň soňky güni 2022-nji ýylyň 20-nji dekabry.
Çeşme:

Häzirki wagtda “Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary” maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meseleleri” boýunça anketalary kabul edip başlady. 5 hepdelik maksatnama 2023-nji ýylyň iýun aýynda başlar. Anketalary tabşyrmgyň iň soňky güni 2022-nji ýylyň 20-nji dekabry.

ABŞ-nyň talyp zenan ýolbaşçylar üçin institutlary, bakalawr talyplaryna dolandyryş ukyplaryny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ABŞ-ny has-da çuňňur öwretmegi maksat edinýän gysga möhletli okuw programmasydyr. Bu maksatnama, gatnaşyjylaryň ABŞ-nyň taryhy, hökümeti, jemgyýeti we medeniýeti baradaky bilimlerini giňelder we ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürer.

Bu maksatnama uniwersitetlerde okaýan 18-25 ýaş aralygyndaky zenanlary kabul edýär. Gatnaşyjynyň ähli çykdajylaryny, şol sanda wiza, halkara we içerki uçuşlar, ýerüsti transport, bilim edebiýaty, medeni çärelere gatnaşmak we tötänleýin çykdajylar, şeýle hem ýaşaýyş we nahar çykdajylaryny öz içine alar. Gatnaşanlaryň hemmesi maksatnamanyň dowamlylygy üçin lukmançylyk ätiýaçlandyryşyny alarlar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

– Iňlis dilini bilmeli (maksatnamanyň dowamynda terjime üpjün edilmeýär. Gatnaşyjylar iňlis dilini suwara bilmeli)
– Maksatnama ýokary okuw jaýynda okuwlaryny tamamlamaga azyndan ýarym ýyl wagt galan talyplar gatnaşyp bilerler.
– Okuwlaryna ýetişigi ýokary bolmaly, bahalaryň göçürmesini we mugallymlaryň häsiýetnamalaryny tabşyrmaly.
– Dalaşgärleriň ABŞ-da ýa-da öz ýurdunyň daşynda az tejribesi ýa-da hiç hili tejribesi bolmaly däldir.

Anketany tabşyrmak üçin:

Doly doldurylan anketalar 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda tabşyrylmaly. Anketany şu ýerden, ýa-da AshgabatEducation@state.gov elektron poçta arkaly ýüz tutup alyp bilersiňiz.

ORIENT news
Surat: www.crushpixel.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026