Eýran, Türkmenistanyň goldawy bilen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdany 40% artdyrdy


IRNA agentliginiň habar bermegine görä, Eýran Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen serhetleşýän Horasan-Rezawi welaýatynyň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygyny 40% artdyrdy. Bu goňşy ýurduň harytlary üstaşyr geçirmeklige ýeňillik girizmegi bilen gazanylandyr.
Şol bir wagtyň özünde, 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 233 million ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy, 2021-nji ýylyň bütin dowamynda bu görkeziji 227 million dollar bolupdy. Bu iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň ep-esli ýokarlanandygyna şaýatlyk edýär diýip, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales belledi.
Diplomatik wekilhananyň baştutany 2022-nji ýylyň ahyryna çenli işjeň ykdysady diplomatiýanyň alnyp barylýanlygy sebäpli Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň iki esse artjakdygyna umyt bildirdi.
Habarda Türkmenistan bilen Eýran tarapyndan alnyp barylýan işleriň utgaşdyrylmagy bilen, şeýle hem Türkmenistandan harytlaryň üstaşyr geçirmekligine ýeňillik girizilmeginiň netijesinde Eýran Yslam Respublikasy Merkezi Aziýanyň bazarlarynda eýeleýän ornuny has-da giňeldip biler – diýlip, Horasan-Rezawi welaýatynyň ulag-üstaşyr kompaniýalarynyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň umyt edýändigi aýdylýar.
ORIENT news
Surat: www.silkroadbriefing.com








