Niderlandlaryň uniwersitetinde howany arassalaýan awtoulagy oýlap tapdylar


Gollandiýadaky Eýndhowen şäheriniň Tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplar topary Zem elektrik ulagyny işläp taýýarlady, ol hereket eden mahaly kömürturşy gazyny az çykaryp, tersine ony özüne köp möçberde sorup alýar (CO₂) alýar we ony gaýtadan işlemegi başarýar.
Zem howany ýörite süzgüç geçirmek arkaly arassalaýar, sorup alan kömürturşy gazyny saklamak bilen, ony soňra ýok edýär, bu bolsa öz gezeginde dünýäde howanyň gyzmagyga garşy göreşe özüniň uly goşandyny goşar.

Ulag pudagy Ýewropa Birleşiginiň ýurtlarynda uglerod zyňyndylarynyň esasy çeşmelerinden biridir. Bu zyňyndylaryň 60%-den gowragy üçin ýeňil awtoulaglar jogapkärdir. Olary azaltmak üçin Eýndhowen uniwersitetiniň 35 okuwçysy howany hapalamaýan, tersine, ony arassalaýan ilkinji awtoulagyň taslamasyny işläp taýýarladylar we ony ýygnamagy başardylar.
Awtoulag ýylda 32 000 kilometre çenli ýörite süzgüç arkaly 2 kilogram kömürturşy gazyny alyp bilýär. Bu on awtoulagyň ortaça agajyň kabul edişi ýaly kömürturşy gazyny alyp biljekdigini aňladýar. Galyberse-de, dünýäde kömürturşy gazyny çykarman, ony sorup alyp biljek milliarddan gowrak ýeňil awtoulag bar. Häzirki wagtda awtoulagyň nusgasy süzgüç dolýança 320 kilometr ýol geçip bilýär.
ORIENT news
Surat: cleantechnica.com








