HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan owgan talyplaryny demirýolçylyk işi boýunça okadar

Oktýabr 12, 2022 | 06:34 |7427
Owganystanyň hökümetiniň demir ýol departamenti Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary bilen owgan talyplarynyň 28-niň bu edaranyň dürli önümçilik bölümlerinde okuw geçmekleri barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi.Owganystanyň hökümetiniň demir ýol departamenti Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary bilen owgan talyplarynyň 28-niň bu edaranyň dürli önümçilik bölümlerinde okuw geçmekleri barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi.
Çeşme:

Owganystanyň hökümetiniň demir ýol departamenti Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary bilen owgan talyplarynyň 28-niň bu edaranyň dürli önümçilik bölümlerinde okuw geçmekleri barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi.

“Jemi 28 adam barada ylalaşylyp, şolaryň 14-si häzir ugrar, olaryň wiza hem-de pasport boýunça amallary dowam edýär hem-de ýakyn wagtda tamamlanar, galan 14 adam bolsa demir ýollaryň dürli bölümlerinde okamak üçin ýakyn hepdelerde ugradylar” diýip, “Taliban” hökümetiniň wekili Abdul Sami Durrani Durrani Deutsche Welle neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Türkmenistana ugraýan owgan talyplary ol ýerde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna okarlar. Durrani şeýle görnüşde okuw geçmek ylalaşygyny beýleki ýurtlarda-da almaga synanyşýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, owgan dolandyryş ulgamynda Türkmenistanyň Andhoý stansiýasyndan Andhoý merkezine çenli demir ýol gurmagy wada berendigi barada aýdylýar.

Bu beýanata berilýän düşündiriş hökmünde şeýle ýazylýar: “Türkmen tarapy Andhoý stansiýasyndan Andhoý merkezine çenli deslapky taslamalaşdyrylan 10 kilometrlik demir ýoly gurmak baradaky çözgüdi kabul etmek üçin ýakyn wagtda Akina tehniki topary ugratmagy wada berdi”.

Häzirki wagtda Owganystan Turgundyda hem-de Akinada demir ýol şahalary arkaly Türkmenistan bilen birleşdirilendir. Şol ýol arkaly her gün täjirçilik harytlar daşalýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026