S7 Airlines Türkmenistana yzygiderli howa gatnawlaryny 17-nji oktýabrdan başlap dowam etdirer


Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegramda habar bermegine görä, Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Moskwa ― Türkmenbaşy ― Moskwa ugry boýunça 17-nji oktýabrdan yzygiderli howa gatnawlaryny ýerine ýetirip başlar.
Uçar gatnawlary duşenbe günleri amala aşyrylar. Uçar Moskwadan sagat 3:30-da, Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinden bolsa 10:05-de uçar; iki şäher üçin hem ýerli wagt görkezilýär. Uçuşyň wagty takmynan 3,5 sagat bolar.
Awiakompaniýanyň ORIENT portalyna habar berşine görä, Türkmenbaşy ― Moskwa ugry boýunça biletleriň bahasy iň pes nyrh boýunça 409 ABŞ-nyň dollaryna, gaýdyşyn ugur boýunça biletiň bahasy 490 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolar.
Biletler awiakompaniýanyň Aşgabatda ýerleşýän edarasynda: A.Nyýazow şaýoly, jaý 124 salgysynda satylar (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy).
Habarlaşmak üçin telefon: (+993 12) 21-05-93 (92).
ORIENT news
Surat: ria.ru








