HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaýa gaz ibermegi artdyrmak boýunça iş alyp barýar

Oktýabr 03, 2022 | 18:32 |10930
Türkmenistan Hytaý barha ösýän ykdysadyýetiniň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen Hytaýa gaz ibermegi artdyrmak boýunça iş alyp barýar – diýip, türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.Türkmenistan Hytaý barha ösýän ykdysadyýetiniň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen Hytaýa gaz ibermegi artdyrmak boýunça iş alyp barýar – diýip, türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Çeşme:

Türkmenistan Hytaý barha ösýän ykdysadyýetiniň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen Hytaýa gaz ibermegi artdyrmak boýunça iş alyp barýar – diýip, türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda nygtady.

«Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys» - diýlip, çap edilen makalada aýdylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy öz makalasynda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, BMG we onuň Howpsuzlyk Geňeşiniň özgerdilmegi, Owganystanyň asuda dikeldilmegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini belledi.

Ozal Hytaýyň başlygy Si Szinpin, ŞHG-nyň Samarkantda geçirilen sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak baradaky teklibini goldapdy.

ORIENT news
Suratlar redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026